Turkmenportal logo
12.10.2026
1614016140
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki birnäçe ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk hem-de netijeli dialog bu hyzmatdaşlygyň oňyn ösüş depgininiň möhüm şerti bolup durýar.

Şunuň bilen bir hatarda, türkmen halkynyň Milli Lideri özüniň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen yzygiderli geçirýän duşuşyklarynyň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalarda gatnaşyklary giňeltmek üçin pugta binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy | Turkmenportal.com