Turkmenportal logo
12.10.2026
1063910639
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda pagta ýygymynyň depgini güýçlendirmek, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny kabul ediş harmanhanalaryny hem-de pagta arassalaýjy kärhanalary netijeli işletmek üçin zerur çäreler görülýär. Bu işler bilen bir hatarda welaýatlarda bugdaý ekişi dowam edip, bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Degişli welaýatlarda şaly hasylyny ýygnamak işlerine girişilip, möwsümi öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär we gant şugundyry ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ýurtda şu ýyl açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş we önümçilik desgalarynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmegi hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegi, bugdaý ekişiniň bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem welaýatlarda  şu ýyl açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş we önümçilik desgalarynda alnyp barylýan gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.