Tahyr Ataýewiň orkestri Aşgabatda meşhur kompozitor Hans Zimmeriň döredijiligine bagyşlanan «Hans Zimmeriň älemi» atly simfoniki şüweleňi bilen çykyş eder. Konsert 25-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriler. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdiler. Konsert agşam sagat 19:00-da başlanar.
Konsertiň maksatnamasyna «Interstellar», «Gladiator», «Karib deňziniň garakçylary», «Dýuna», «Başlangyç» we «Arslan patyşa» filmleriniň sazlaryndan taýýarlanyp, orkestr tarapyndan işlenen mukamlar girýär. Bellenilişi ýaly, Hans Zimmer «Dýuna» filmi üçin döreden sazlary bilen «Oskar» baýragyna mynasyp boldy.
Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy we saz sungatynda täzeçilliklere bolan gyzyklanmasy bilen tanalýar. Konsertde diňleýjiler örän giň ses öwüşginlerini — kirişli saz gurallarynyň ýuwaş owazyndan başlap, tutuş orkestriň kuwwatly ýaňlanmasyna çenli dürli ses sazlaşyklaryny diňläp bilerler.
Konsertdäki orunlaryň sany çäklidir. Petekleri 55-90-15 we +993 62 53-28-71 telefon belgileri arkaly satyn alyp ýa-da öňünden sargyt edip bolýar.