Nebit inženerleriň jemgyýetiniň (Society of Petroleum Engineers, SPE) wekiliýeti ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we milli inženerçilik kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanda saparda boldy. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, sapar 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahatyň we serginiň öňüsyrasynda guraldy.
Wekiliýetiň düzümine Nebit inženerleriň jemgyýetiniň 2025-nji ýyldaky prezidenti Oliwier Uze, bu guramanyň sebitleri ösdürmek we çäreleri guramak boýunça wekili Grigoriý Zaraýskiý, şeýle hem guramanyň Russiýa we Hazar sebiti boýunça sebitleýin direktory wezipesine saýlanan Ali Nagiýew girdi.
Myhmanlar «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, tehniki bilimleri we tejribeleri alyşmak, ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de Nebit inženerleriň jemgyýetiniň Türkmenistandaky bölüminiň işini giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, Nebit inženerleriň jemgyýetiniň wekilleri «Dragon Oil», «PETRONAS», «Eni» we «CNPC» kompaniýalarynyň wekiliýetleri bilen duşuşdylar. Taraplar hünär hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanda işleýän inženerleriň we beýleki hünärmenleriň Nebit inženerleriň jemgyýetiniň bilim we ylmy maksatnamalaryna gatnaşygyny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu sapar «OGT 2026» forumynyň çäklerinde geçiriljek Nebit inženerleriň jemgyýetiniň ýöriteleşdirilen «tegelek stol» duşuşygyna taýýarlygyň hem bir tapgyry boldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň inženerçilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, tehnologik innowasiýalary ornaşdyrmak, senagat kärhanalarynyň, ylmy guramalaryň we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine üns bermegine garaşylýar.