Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda bu ýokary okuw mekdebiň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň uly mugallymy, dosent, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ýuriý Gurgenowiç Sarkisowyň 80 ýaş ýubileýi bellenildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, ýubileýe bagyşlanan döredijilik agşamynyň çäklerinde halypanyň şägirtleriniň taýýarlan baýramçylyk konserti geçirildi.

Zalda ýerleşdirilen monitorda Ý. Sarkisowyň durmuş ýoluny we döredijilik işini şöhlelendirýän reňkli hem-de ak-gara fotosuratlar görkezildi. Dosent Ýelena Osipowa onuň döredijilik ýoly, sahnadaky çykyşlary we dürli bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdi.
Ýuriý Sarkisow Leningradyň N. A. Rimskiý-Korsakow adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň uçurymydyr. Türkmenistana dolanyp gelenden soň, mugallymçylyk işi bilen meşgullanyp başlaýar. Bu iş onuň durmuşynyň baş mazmunyna öwrülýär.

Onuň şägirtleriniň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Bibijemal Amanowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewa, Hasan Jumaýew, şeýle hem meşhur aýdymçylar Nury Nuryýew, Bahar Durdyýewa, Begenç Gaýypow we beýlekiler bar.

Ýuriý Sarkisow konsert işjeňliginden başga-da, alym hökmünde hem özüni tanatdy. Ol üç dilde adalga sözlügini öz içine alýan «Gysgaça saz ensiklopediýasynyň» awtorydyr. Şeýle-de ol Magtymgulynyň şygyrlarynyň türkmen kompozitorlarynyň eserlerine ýetiren täsirini öwrenýär. Neşiriň bellemegine görä, Ýuriý Sarkisowyň tagallasy bilen türkmen romanslarynyň ençeme sazlary hor ýerine ýetirişi üçin sazlaşdyrylyp işlenildi.