Turkmenportal logo
10.10.2026
2735727357
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«ZyýatHil» konditer önümleriniň täze toplumyny hödürleýär

«ZyýatHil» konditer dükanlarynyň ulgamy baýramçylyk saçagy, maşgala dabaralarywe myhmanlary garşylamak üçin niýetlenen süýjülikleriň täze toplumlaryny hödürleýär. Täze önümleriň hataryna eklerleriň toplumy we dürli görnüşli bişirilen konditer önümlerinden düzülen uly assorti süýjülikleri girýär.

Satyn alyjylar üçin iki görnüşli toplum elýeterlidir:

  • Eklerleriň toplumy —50 manat;

  • Konditer önümleriniň assorti süýjülikleri —100 manat.

Toplumlarda üstüne şekerpudrasy sepilen, şokoladly we dürli goşundyly önümleri goşmak bilen, konditer önümleriniň birnäçe görnüşi bar. Süýjülikleriň köpdürlüligi dürli ýagdaýlara we isleglere laýyk gelýän toplumy saýlamaga mümkinçilik berýär.

«ZyýatHil» dükanlar ulgamynyň täze toplumlary konditer önümleriniň birnäçe görnüşini birgapda jemleýär. Bu bolsa olary baýramçylyk saçagy üçin hem-de ýakynlar bilen geçirilýän duşuşyklarda hödürlemek üçin amatly saýlawa öwürýär.

«Zyýat Hil» konditer dükanlary her gün sagat 08:00-dan 22:45-e çenli işleýär. Sargytlary Aşgabatdaky dükanlar ulgamynyň üç nokadynyň islendik birinde ýerleşdirmek bolýar. Süýji önümleriniň bahasy 150 manatdan geçýän sargytlar üçin Aşgabat şäheri we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty mugtdyr.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, jaý 254, telefonlary: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61.

Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlary: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62.

Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlary: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.