Turkmenportal logo
10.10.2026
1733917339
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara pediatriýa merkezini döretmek hakynda resminama gol çekdi

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzüminde hojalyk hasaplaşygynda işleýän 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi dörediler. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli resminama ilata halkara ölçeglere laýyklykda innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap pediatriýa kömegini bermegi guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzüminde hojalyk hasaplaşygynda işleýän 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de şu merkez hakynda Düzgünnamany bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.