Turkmenportal logo
09.10.2026
98189818
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşyga agza ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň suw çüwdürimler toplumynyň çäginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Medeni çärä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ýokary derejeli wekiliýetleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Konsert maksatnamasy GDA ýurtlarynyň meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň we tans toparlarynyň täsirli çykyşlaryny öz içine aldy. Her bir çykyş tomaşaçylary başga bir ýurduň özboluşly ruhy dünýäsine aralaşdyrýan ýaly bolup, olary şol ýurduň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyrdy.

Tomaşaçylaryň öňünde M. Ýe. Pýatnitski adyndaky Döwlet akademiki rus halk hory, Belarusyň «Pesnýary» döwlet ansambly, Belarusyň «Horoşki» döwlet akademiki horeografik ansambly, Gazagystanyň Milli sungat uniwersitetiniň dombrada saz çalýan talyplarynyň ansambly, «Saltanat» döwlet tans ansambly, şeýle hem Arkalaşyga agza ýurtlaryň meşhur medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

Türkmenistanyň halk artistleriniň we at gazanan artistleriniň, meşhur aýdymçylarynyň, sazandalarynyň hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary konsertiň özboluşly öwüşginini artdyrdy. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary sungat ussatlarynyň zehinine we ýokary hünär ussatlygyna berlen uly bahanyň aýdyň beýany boldy.

Baýramçylyk maksatnamasy türkmen halkynyň gadymy küştdepdi tansy bilen dowam etdi. Ol milli we dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Taryhy-medeni däpleri we halkyň ruhy dünýäsini özünde jemleýän türkmen halk döredijiliginiň bu täsin nusgasy häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymynyň bilelikde ýerine ýetirilmegi konsertiň jemleýji çykyşy bolup ýaňlandy.