Turkmenportal logo
09.10.2026
69926992
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Eziz Doganlar Keramika» keramogranit önümlerini Azerbaýjana eksport edip başlady

Keramogranit plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän «Eziz Doganlar Keramika» hojalyk jemgyýeti öz önümleriniň ilkinji tapgyryny Azerbaýjana ugratdy. Şu ýylyň awgust aýynda kärhana öz harytlaryny ilkinji gezek Gruziýa ugradypdy. Indi bolsa onuň Günorta Kawkazdaky eksport geografiýasy barha giňelýär.

Kärhanada 500-den gowrak adam zähmet çekýär. Jemgyýet öz senagat infrastrukturasyndan, ammar toplumlarydan we iň döwrebap enjamlardan ybaratdyr. Keramogranit önümleri Italiýa tehnologiýasy boýunça ýokary hilli çig maldan taýýarlanýar. Önümleriň assortimentine dizaýnyň we ölçegleriň ýüzlerçe görnüşi girýär, öndürilişiň her bir tapgyrynda bolsa üznüksiz hil gözegçiligi amala aşyrylýar.

Kompaniýa üçin bu ädim eksporty ösdürmek ugrunda nobatdaky tapgyr bolup, eksport yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Munuň netijesinde Türkmenistanyň goşmaça eksport zynjyrlary üçin uly mümkinçilikleri döreýär.

Azerbaýjanyň bazaryna çykmaklyk «Eziz Doganlar Keramika» hojalyk jemgyýetiniň keramogranit önümleriniň halkara hil standartlaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýar.