«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Şamekan» myhmanhanasynda GDA-a agza döwletleriň «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly halkara telewizion bäsleşigiň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.
«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, metbugat maslahatyna gatnaşyjylar telewideniýe we kino sungaty ulgamynda gazanylan esasy üstünlikleri, bilelikdäki taslamalary we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra halkara eminler topary tarapyndan işleri ýokary baha mynasyp görülen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dürli ugurlar boýunça ýeňijileriň, şeýle hem uly möçberde pul baýraklaryna mynasyp bolan birinji, ikinji we üçünji orunlaryň eýeleriniň atlary yglan edildi. Baş baýragyň eýesiniň ady bolsa soňrak, GDA-nyň dürli döwletlerinden öňdebaryjy sungat ussatlarynyň we ýerine ýetirijileriň gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk konsertiniň dowamynda yglan ediler.
Çeşmäniň bellemegine görä, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tapawutlanan gatnaşyjylary «Milli däp-dessurlary gorap saklamaga we giňden wagyz etmäge, GDA-a agza döwletleriň medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşandy üçin» diýen hormatly diplom bilen sylaglady.