Turkmenportal logo
07.10.2026
1889918899
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zyýat Hil» 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda doglan çagalara tort sowgat edýär

Ertir başlanjak aksiýa gatnaşmak üçin çek däl-de, çaganyň dogluş şahadatnamasy gerek. 8, 9 we 10-njy oktýabr günlerinde «Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň ulgamy şu senelerde sekiz ýaşyny doldurýan her bir çaga tort sowgat eder. Sowgady kompaniýanyň üç söwda nokadynyň islendiginden alyp bolýar.

Aksiýa gatnaşmak üçin ene-atalar wideonyň aşagynda çaganyň sekiz ýaşyny belleýändigini görkezýän teswir ýazmaly we salgydaky wideo «like» belgisini goýmaly. Aksiýanyň geçirilýän günleriniň birinde dükana baryp, işgärlere şol teswiri we çaganyň dogluş şahadatnamasyny görkezmek zerur. Maglumatlar barlanylandan soň, doglan gününi belleýän çaga tort gowşurylar.

Kompaniýa aksiýa gatnaşyjylardan sowgat baradaky täsirlerini teswirlerde ýa-da öz «TikTok» sahypalarynda paýlaşmagy, şeýle hem bu çäre barada mümkin boldugyça köp maşgalanyň habarly bolmagy üçin wideony dost-ýarlaryna we tanyşlaryna ibermegi haýyş edýär.

Brendiň adyndan edilen gutlagda doglan gününi belleýänlere durmuşyň kompaniýanyň tortlary ýaly «süýji we bagtly pursatlardan baý» bolmagy arzuw edilýär.

«Zyýat Hil» konditer dükanlary her gün sagat 08:00-dan 22:45-e çenli işleýär. Aşgabatdaky kompaniýanyň üç söwda nokadynda sargyt etmek bolýar. 150 manat we ondan köp möçberde süýjülik önümleri sargyt edilende Aşgabat şäheriniň we Gökdepe etrabynyň çägine eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, jaý 254, telefonlary: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61.

Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlary: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62.

Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlary: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.