Turkmenportal logo
06.10.2026
1528015280
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň demirgazyk sebitindäki suw howdanlarynda täze ýer gazyjy gämiler ulanyşa goýberildi

Daşoguz welaýatyndaky suw howdanlarynda dört sany ýer gazyjy gämi ulanyşa goýberildi.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda ýerleşýän «Ýer-suw gurluşyk hojalyk hasaplaşygyndаkу önümçilik kärhanasynyň» parkynda ponton görnüşli dört sany ýer gazyjy gämi gurnaldy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

«Julong» kysymly täze tehnikalar howdanlaryň düýbüni çuňaltmak we arassalamak üçin niýetlenen ýörite gämilerden durýar.

Sökülip düzülýän gurluşly tehnikalary tiz ýagdaýda hut iş geçirilýän ýerinde hem düzüp hem söküp bolýar we her bir ýapyk suw howdanyna daşap bolýar. Olar ýokary öndürijiligi bilen we işläp düzüjiliginiň çuňlugy, gurnawynyň aňsatlygy,işleýşi we tehniki hyzmaty bilen tapawutlanýarlar.

Döwrebap tehnikalaryň, şol sanda Niderlandlarda öndürilen meşhur «Beaver» kysymly ýer gazyjy gämileriň bolmagy sebitde täze zeýkeş-zeýakaba torlaryny gurýan we hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrýan zähmet toparynyň üstünlikli işlemegine ýardam edýär.