Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Aşgabat ýertitremesiniň 78 ýyllygyna bagyşlanan «Halk hakydasy» atly spektakl görkezildi.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew tarapyndan dramaturg Gadam Kakabaýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan bu oýun 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçýän gijäniň ähli ýowuzlygyny ynandyryjylyk bilen beýan edýär.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, sahna bezegçileri we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Batyr Bekmyradow bilen Mekan Annamyradowyň işi Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriniň birindäki, öňki Sowet Soýuzynyň köp sanly respublikalaryndan gelen talyplaryň ýaşan — zenanlar ýatakhanasynyň weýran edilme pursadyny sahnada janly suratlandyrdy.
— Bu diňe bir gahryman ýa-da diňe bir millet hakynda gürrüň däl, çünki ýertitremesiniň pidasy bolanlaryň arasynda türkmenlerden başga-da köp sanly özbekler, gazaklar, gyrgyzlar, ruslar bardy... — diýip, dramaturg Gadam Kakabaýew belleýär. — Tragediýa gije sagat 2 töwereklerinden ir säher sagat 6-ä çenli dowam etdi. Ýöne ýertitremesiniň ilkinji sagatlaryndan aşgabatlylaryň gahrymançylygy ýüze çykdy.
Lukmanlar, harby işgärler we pidalaryň özi biragyzdan gahrymançylykly ynsanperwerlik görkezdiler. Türkmenler we ermeniler, ruslar we täjikler umumy betbagtçylyga halklaryň dostlugy bilen garşy durdular we adamlar galanja güýçlerini beýleki pidalary halas etmäge bagyşladylar.
Saz bezegçisi Mammet Hydyrow tragediýany doly ýetirmek üçin Danatar Hydyrowyň we Rejep Rejepowyň eserleriniň böleklerini ulandy.
Sahna çykan aktrisalar we aktýorlar tomaşaçylar tarapyndan güýçli el çarpyşmalar bilen garşy alyndy.
Ýatladyp geçsek, bu spektakl ýakynda ýurtda geçirilen teatr festiwalynda Baş baýragyny gazanypdy.