Türkmenistanyň paýtagtyndaky «Aşgabat» stadionynda 9-njy oktýabrda sagat 18:00-da daşary ýurtly estrada ýerine ýetirijileriniň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konserti bolar. Bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň resmi saýty habar berilýär.
Sahnada russiýaly aýdymçy Nýuşa, türk aýdymçylary Hadise we Murat Boz, şeýle hem liwanly ýerine ýetiriji Maýa Diab çykyş ederler. Maksatnamada dünýä belli aýdymçylaryň iň meşhur aýdymlary ýaňlanar.
Bir bilediň bahasy 200 manat. Biletler Aşgabat şäher häkimliginiň ashgabat.gov.tm resmi saýtynda we «Sanly şäher» ykjam goşundysynda onlaýn satuwa çykaryldy. Olary islendik bank karty arkaly töläp bolýar. Satyn alnan mahaly stadionyň sektory saýlanýar, orunlar bolsa awtomatik usulda bellenilýär. Bir hasapdan bäş biletden köp satyn almaga rugsat berilmeýär.
Biletleri satyn almagyň tertibi barada giňişleýin maglumat häkimligiň resmi saýtynda ýerleşdirilen.
Bellenilişi ýaly, bu konsert halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de doganlygy, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitjek waka öwrüler.