Turkmenportal logo
03.10.2026
2370623706
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Antonio Banderasyň gatnaşmagyndaky «Elhençligiň girdabynda» filmi «Beletde» tomaşa edip bolar

Režissýor Jessi Jonsonyň «Elhençligiň girdabynda» atly kriminal äheňli söweşjeň filmini «Belet» platformasynda tomaşa etmek üçin elýeterlidir.

Filmiň wakalary täsirli duýgulary başdan geçirmek üçin dynç alşa gidýän bäş dost barada gürrüň berýär. Olar ak akulalaryň arasyna ýörite kapasada suwa çümüp, özlerini adatdan daşary synagdan geçirmek kararyna gelýärler. Syýahatyň dowamynda topara rehimsiz Bernsiň ýolbaşçylygyndaky ýaragly jenaýatçylar hüjüm edýär. Şeýlelikde, dynç alyş olaryň aman galmak ugrundaky göreşine öwrülýär. Hüjüm mahaly iki gyz ýyrtyjy deňiz haýwanlarynyň arasynda suwuň aşagyndaky kapasada gabalyp galýar.

Filmde Antonio Banderas, Laura Marano, Kristina Oçoa, Timoti W. Merfi we beýleki aktýorlar surata düşdiler. Film 2026-njy ýylyň 13-nji awgustynda Russiýanyň kinoteatrlarynda görkezilip başlandy.

«Elhençligiň girdabynda» filmini «Belet» platformasynda tomaşa edip bolar. Platforma tomaşaçylara filmleri we beýleki dürli mazmunlary onlaýn görnüşde görmäge mümkinçilik berýär.