«Zyýat Hil» konditer dükanlary doglan günlere we beýleki baýramçylyk dabaralaryna tortlary taýýarlamak üçin öňünden sargytlary kabul edýär. Müşderiler süýjülikleri öňünden saýlap, tortuň baýramçylyk saçagynyň bir bölegi bolmagy üçin sargydyň jikme-jikliklerini ylalaşyp bilerler.
Konditer dükanlarynda bellenilişi ýaly, köp müşderiler sargytlary öňünden resmileşdirýärler, aýratyn hem dabara belli bir gün üçin göz öňünde tutulan bolsa. Bu çemeleşme sargydy wagtynda taýýarlamaga we alyjylaryň isleglerini doly göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär.

Tortlar maşgala baýramçylyklary üçin hem, ýakynlaryňyzy, dostlaryňyzy ýa-da kärdeşleriňizi gutlamak üçin hem ajaýyp saýlaw bolup biler. Sargydy öňünden resmileşdirmek taýýar süýjüligi eltip bermek hyzmaty bilen bagly meseläni hem öňünden çözmäge mümkinçilik berýär.
Müşderilere amatlylyk üçin şäheriçi eltip bermek hyzmaty elýeterlidir. 150 manatdan başlaýan sargytlar üçin Aşgabat şäheri we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.
«Zyýat Hil» konditer dükanlary dynç günsüz her gün işleýär. Sargytlar sagat 8:00-dan 22:45-e çenli kabul edilýär.

Sargytlary aşakdaky şahamçalarda resmileşdirip bilersiňiz:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254
Telefonlar: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61.
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi
Telefonlar: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62.
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat
Telefonlar: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.