Turkmenportal logo
02.10.2026
1891018910
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyna gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowa Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanmaga beriljek häzirki zaman saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyna gowy taýýarlyk görmek tabşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäreler toplumy geçirildi. Şeýle hem bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Türgenler halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 554 medal gazandylar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanmaga beriljek häzirki zaman saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.