Turkmenportal logo
Düýn 16:14
78517851
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda nagt däl tölegleriň paýy 47 göterimden geçdi

Türkmenistanda  bank karty arkaly tölegler ulgamyndaky nagt däl hasaplaşyklaryň paýy 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabry ýagdaýyna 47,6 göterime ýetdi. 2025-nji ýylyň degişli senesinde bu görkeziji 44,3 göterime deň bolupdy. Bu maglumatlar Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda (TIF-2026) Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Myratdurdy Orazdurdyýewiň Aşgabatda eden çykyşynda mälim edildi.

Bankomatlaryň, terminallaryň, internet-bank we ykjam-bank ulgamlarynyň, elektron söwdanyň, şeýle hem «Halkbankterminal» ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi bir ýylyň dowamynda 1,16 esse, ýagny 16,3 göterim artmak bilen, 16,27 milliard manada ýetdi.

Orazdurdyýew çykyşynda bank ulgamynyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň 2026–2028-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde alnyp barylýandygyny belledi. Konsepsiýa, hususan-da, karz edaralaryny ýokary tehnologiýaly banklara öwürmegi, nagt pul dolanyşygynyň möçberini azaltmagy we sanlylaşdyrmagyň öňdebaryjy standartlaryny ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Onuň sözlerine görä, Merkezi bank bank infrastrukturasyny we milli töleg ulgamyny ösdürmek boýunça işleri dowam etdirýär. Töleg ulgamynyň programma üpjünçiligi we enjamlary döwrebaplaşdyrylýar, tölegleriň we hasaplaşyklaryň tizligini, ygtybarlylygyny hem-de howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen sanly çözgütler ornaşdyrylýar. Maglumat howpsuzlygyna we kiberhowpsuzlyga aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy 1–2-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilýär. Oňa 50 döwletden 750-den gowrak wekil gatnaşýar. Olaryň arasynda degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, halkara maliýe guramalary hem-de hususy işewürler bar.