Türkmenistanda geçirilen TIF-2026 Maýa goýum forumynyň çäklerinde çäräniň bürünç hemaýatkäri hökmünde çykyş eden «BVS Construction Limited» kompaniýasy Änew şäherini sil we möwsümleýin ýagyn suwlaryndan inženerçilik taýdan toplumlaýyn goraýyş ulgamynyň konsepsiýasyny tanyşdyrdy. Taslama inženerçilik gözlegleriniň hem-de Köpetdagyň basseýnlerini öwrenmegiň esasynda türkmen hünärmenleri bilen bilelikde işlenip düzüldi.
Forum ýurtda energetika arabaglanyşygy, energetika howpsuzlygy hem-de senagat-gurluşyk ulgamyny ösdürmek meselelerine bagyşlandy.
Hödürlenen konsepsiýa laýyklykda, goraýyş toplumy sil akabalaryny, sil tutujyny, ýagyn suwlaryny akdyryş ulgamyny, dag etegi kanallaryny, turbageçirijini, sorujy bekedi we guradyjy basseýni öz içine alar. Ulgam umumy göwrümi 6 million kub metre çenli bolan suw akymlaryny kabul etmäge niýetlenip, 9 balla çenli seýsmiki durnuklylyk göz öňünde tutulyp taslandy.

Taslamanyň aýratyn bir bölegi toplumyň sanly görnüşini döretmekden ybarat bolar, ol desgalaryň, sorujy enjamlaryň ýagdaýyna, suwuň derejesine we beýleki görkezijilere hakyky wagt tertibinde gözegçilik edilmegini üpjün eder. Emeli aň gurallary gelýän maglumatlary derňäp, howp döredip biljek faktorlaryň utgaşmasyny tapar we hünärmenlere bellenilen tertibiň çäginde gyssagly çözgüt kabul etmek üçin maglumatlary ýetirer.
Kompaniýada bellenilişi ýaly, taslamany durmuşa geçirmek şäher, energetika we jemagat hojalygy düzümleriniň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, bar bolan desgalary goramaga hem-de Ahal welaýatynyň administratiw merkezi bolan Änew şäheriniň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Işläp düzüjileriň bellemeklerine görä, hödürlenen konsepsiýa «BVS Construction Limited» kompaniýasynyň inženerçilik çözgütlerini, sanly gözegçiligi we töwekgelçilikleri dolandyrmak tehnologiýalaryny özünde jemleýän döwrebap infrastrukturany ösdürmäge bolan toplumlaýyn çemeleşmesini görkezýär.
