«Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol çempionatynda möhletinden öň ýeňiji boldy. Bu barada Türkmenistanyň futbol federasiýasy habar berdi.
Arkadag şäheriniň topary altyn medallary yzly-yzyna dördünji gezek gazandy. Çempionlygyň ykbalyny iki sany geçirilmedik duşuşyk kesgitledi. 28-nji sentýabrda 23-nji tapgyryň çäklerinde geçirilen oýunda «Arkadag» topary «Ahal» klubyny 4:0 hasabynda ýeňdi. 30-njy sentýabrda bolsa 18-nji tapgyryň myhmançylykdaky duşuşygynda bu topar Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy.
Şu duşuşyklardan soň «Arkadagyň» 23 oýunda 69 utugy boldy. Ýaryş tertibinde oňa iň ýakyn bolan «Ahal» topary 21 oýunda 42 utuk toplady. «Altyn Asyr» bolsa 19 duşuşykdan soň 41 utuga eýe boldy.
Türkmenistanyň çempionatynda sekiz klub çykyş edýär. Ýaryş dört aýlawdan ybarat bolup, her topar jemi 28 duşuşyk geçirýär. Möwsümiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galdy.
«Arkadag» futbol kluby 2023-nji ýylda döredildi. Klub Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy düzüm bölegini emele getirýär.
