Turkmenportal logo
Düýn 12:07
41414141
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ýaşuly nesillerini dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanda umumadamzat gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan baýram hökmünde giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda: «Ömri nusgalyk mekdebe, pendi edebe öwrülen dilleri senaly ýaşulularymyz, olaryň pähimli öwüt-nesihatlary, baý durmuş hem-de zähmet tejribesi jemgyýetimiziň agzybirligini pugtalandyrmakda, nesillerimizi watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ynam bilen öňe alyp barmakda biziň daýanjymyz bolup durýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularymyzyň döwletli maslahatlarydyr teklipleri esasynda ýurdumyzy we jemgyýetimizi ösdürmek boýunça möhüm çözgütleri kabul etdik. Agzybirligimizi pugtalandyrmakda, päk ahlaklylygy, bilimi, zähmeti, hünäri bilen Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrýan kämil şahsyýetleri kemala getirmekde aýratyn hyzmatlary bitirýän, durmuşda asylly görelde görkezýän ýaşuly nesliň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakdyk, «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan hormatly enelerimize sylaglary gowşurdyk. Bu gün bolsa bütindünýä ähmiýetli halkara baýram mynasybetli ýaşuly nesillerimiziň — kethudalarymyzyň we aksakgallarymyzyň, enelerimiziň we mamalarymyzyň hormatyna ähli obadyr şäherlerimizi gurşap alýan aýdym-sazly dabaralary hem-de baý many-mazmunly medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris. Bularyň ählisi ýaşuly nesillerimize goýýan hormat-sarpamyzyň güwäsidir» diýip belleýär.

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämizi şygar edinen halkymyzyň egsilmez ruhy güýji we zähmeti, ýaşuly nesillerimiziň öwüt-ündewleri hem-de wagyz-nesihatlary bilen abadançylygyň, gülläp ösüşleriň, bagtyýarlygyň bähbidine amala aşyrýan ägirt uly işlerimiz, yzygiderli gurup ulanmaga berýän döwrebap şäherdir obalarymyz, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlarymyz ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün edýär. Parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk we hoşniýetlilik, özara düşünişmek hem-de ynsanperwerlik babatda bütin adamzat üçin örän ähmiýetli maksatlarymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň, agzybir halkymyzyň abraý-mertebesini Ýer ýüzünde has-da belende göterýär. Biziň her birimiziň kalbymyzda geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi mäkäm baglanyşdyrýan watançylyk duýgymyzy artdyryp, täze ösüşlere we şanly ýeňişlere ruhlandyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýaşuly nesillerimiziň — mähriban enelerimiziň we dana gojalarymyzyň milli däp-dessurlarymyza, baý tejribelerimize daýanýan pähim-paýhasly maslahatlary hem-de öwüt-ündewleri jemgyýetimiziň agzybirligini, asudalygyny kepillendirýär» diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hem-de milli senenamada mynasyp orny eýeleýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli watandaşlaryny tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglygyny, bagtyýar we abadan durmuşy, eziz Watanyň gülläp ösmegi ugrunda bitirýän işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.