Turkmenportal logo
30.09.2026
1699416994
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow at çapyşygynda ýeňiş gazananyndan soň Türkmenistanyň Prezidenti we agtygy bilen surata düşdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we seýis Kerimguly Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşygy tamamlanandan soň ýadygärlik surata düşdüler. Ýaryşlar 29-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Suratda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine wekilçilik edip at çapyşygyna gatnaşan Daghan atly bedewi hem bar. Bu bedewi ýaryşa ýurduň Goranmak ministrliginiň harby bölüminde gulluk edýän seýis Kerimguly Berdimuhamedow taýýarlady. Ýaryşyň jemleri boýunça eminler topary Gurbanguly Berdimuhamedowy ýeňiji diýip yglan etdiler we baş baýragy gowşurdylar.

At çapyşygy tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow münberden meýdançadaky ýere düşüp, Milli Lideri ýeňşi bilen gutlady.

At çapyşygynyň baş baýragy bolan «Range Rover Sport» awtoulagy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministrligine — seržant Kerimguly Berdimuhamedowyň gulluk edýän harby bölümine berdi.

Baýramçylyk at çapyşygy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guraldy.