«Zyýat Hil» konditer dükanlar ulgamy watandaşlaryny we paýtagtymyzyň myhmanlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, baýramçylyk mynasybetli haýyr-sahawat çäresini geçirýär. 27-nji sentýabrda, ýagny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenilýän gününde, mundan 35 ýyl ozal — 1991-nji ýylyň hut şu günde dünýä inen ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy öz islegine görä bir torty mugt alyp biler.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, bu çäre diňe bir gün — 27-nji sentýabrda geçiriler. Sowgada eýe bolmak üçin «Zyýat Hil» ulgamynyň islendik dükanlarynyň birine baryp, doglan senesini tassyklaýan pasportyny görkezmek bilen, isleg bildiren konditer önümini saýlamak ýeterlikdir. Saýlanan tort müşderä mugt berler.
Guramaçylar bu çärä diňe doglan güni milli baýramçylyk bilen gabat gelýän we 1991-nji ýylda doglan ýaşaýjylaryň gatnaşyp biljekdigini aýratyn nygtaýarlar.
«Zyýat Hil» konditer dükanlarynda doglan günler we beýleki baýramçylyk çäreleri üçin tortlara öňünden sargyt hem kabul edilýär.
Mundan başga-da, dükanlar ulgamy müşderilerine gündelik hyzmatlaryň şertlerini ýatladýar: Aşgabat şäheri we Gökdepe etraby boýunça 150 manatdan ýokary sargytlar üçin eltip bermek hyzmaty mugtdyr. Dükanlar her gün, dynç günsiz işleýär. Sargytlar 08:00-dan 22:45-e çenli kabul edilýär.

Sargyt etmek ýa-da aksiýanyň şertleri barada goşmaça maglumatlary almak üçin dükanlar ulgamynyň aşakdaky bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254 — tel.: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61;
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi — tel.: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62;
Gurtly ýaşaýyş toplumy, jaý 3, 1-nji gat — tel.: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.