Turkmenportal logo
Şu gün 16:09
73877387
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen boksçylary Aziýa oýunlaryndaky çykyşlaryny medalsyz tamamladylar

Türkmenistanyň boks boýunça ýygyndysy Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlaryndaky çykyşlaryny tamamlady. Ýurdumyza bu sport görnüşinde wekilçilik edýän bäş boksçynyň hemmesi öz duşuşyklaryny geçirip, ýaryşdan çykdylar.

2026-njy ýylyň Aziýa oýunlarynyň boks ýaryşynda erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda bolsa bäş medallar toplumy — jemi 11 toplum ugrunda göreş alnyp barylýar. Türkmenistan bu ýaryşda bäş boksçy bilen wekilçilik etdi. Olaryň ählisi deslapky tapgyrda ýeňlişe sezewar bolup, ýaryşdan çykdylar.

24 ýaşly halkara derejeli sport ussady, Hançžou şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi Baýramdurdy Nurmuhammedow (70 kilograma çenli) Bahreýniň wekili Ali Abdalladan eminleriň bölünen karary bilen 1:4 hasabynda asgyn geldi. Döwlet Muhanowyň (60 kilograma çenli) Şri-Lankanyň wekili Jaýawardhana Gunasila bilen geçiren duşuşygynda hem eminler 3:2 hasabynda az tapawut bilen ýeňşi garşydaşyna berdiler.

Daniýar Rozmetow (55 kilograma çenli) we 19 ýaşly Abdyrahman Yklymow (80 kilograma çenli) duşuşyklaryny 0:5 hasabynda ýeňliş bilen tamamladylar. Olaryň garşydaşlary degişlilikde Taýlandyň wekili Kangpi Bokhuntkhod we Täjigistanyň wekili Nekruz Salimow boldy.

25-nji sentýabrda Aziýa oýunlarynyň boks ýaryşynda ringe iň soňky bolup Döwlet Yslamow (90 kilogramdan ýokary) çykdy. Ol Gyrgyzystanyň wekili Myrzakir Koşaliýewden 2:3 hasabynda ýeňildi.

XX tomusky Aziýa oýunlary 19-njy sentýabrdan 4-nji oktýabra çenli Nagoýa şäherinde geçirilýär. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde 57 adam bolup, olaryň 34-si sportuň sekiz görnüşinde ýaryşlara gatnaşýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndysynyň gazanan ýeke-täk medaly karateçi Dawut Nazmyradowyň 75 kilograma çenli agram derejesinde eýelän kümüş medalydyr.