Turkmenportal logo
Düýn 10:05
1846118461
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki arakesmede sadaka berildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda arakesmede Söwda-senagat edarasynyň binasynda toý sadakasy berildi. Bu barada TDH habar berdi.

Gahryman Arkadag sadaka gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün «Geňeşli il — döwletli il» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilýändigini, häzir bolsa bilelikde toý sadakasynyň berilýändigini belledi.

Gahryman Arkadag halkyň mukaddes däp-dessuryny berjaý edip, şu gün ata-babalaryň ýol-ýörelgeleriniň, türkmeniň gadymy däp-dessurlarynyň berjaý edilýändigini, bularyň hemmesiniň sogap, parz işlerdigini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmegini, halkyň bagtyýar we abadan durmuşyna gönükdirilen taryhy işleriň rowaç bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy.

Tebärek çykylandan soňra, sadaka gatnaşýanlara nahar çekildi. Duz-tagam dadylandan soňra, toý töwiri okaldy. 

Soňra Gahryman Arkadag sadaka gatnaşýanlara ýüzlenip, bu gün, ine, hemmämiz bilelikde parz işi ýerine ýetirdik, öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdik diýip belledi we şu günki berlen sadakalaryň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

«Toýlarymyz toýa ulaşsyn!» diýip, Gahryman Arkadag sözüni jemledi.

Arakesmeden soňra, mejlis öz işini dowam etdi.