Turkmenportal logo
Düýn 09:49
1507515075
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi

23-nji sentýabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine halkyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleri hem-de beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurduň durmuşyna degişli wajyp soraglar ara alnyp maslahatlaşylyldy hem-de möhüm çözgütler kabul edildi. Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata Watanyň beýik ösüşlere tarap yzygiderli öňe barýandygyny, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanýandygyny aýdyň görkezdi. Milli Lider mejlise gatnaşanlara ýüzlenip, şu günki taryhy mejlisde döwlet we syýasy-jemgyýetçilik durmuşdaky örän möhüm soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, olar boýunça çykyşlaryň diňlenilendigini, mejlisde çykyş edenleriň ählisiniň öňe sürlen başlangyçlary goldandyklaryny aýtdy hem-de çykyş edenlere we ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşanlara minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Halk Maslahatynyň mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyz, Bitarap döwletde ýerine ýetirilen işleri beýan etmek üçin Arkadagly Gahryman Serdara söz berdi.

Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini mejlisiň üstünlikli geçmegi hem-de halkyň parahat, asuda we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen taryhy ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi, şeýle hem ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.