Turkmenportal logo
Düýn 08:51
89418941
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Kanuna gol çekdi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu kanun türkmen halkynyň milli gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedew atlarynyň goragynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.

Kanunda bellenilişi ýaly, onuň esasy maksatlary müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň taryhy-medeni durmuşynda hem-de häzirki döwürde döwlet derejesinde uly ähmiýete eýe bolan arassa ganly ahalteke bedew atlaryny we olaryň genofonduny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak, ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini gorap saklamak, ahalteke bedew atlary barada golýazmalary we beýleki ýazuw çeşmelerini toplamak, olary aýawly saklamak hem-de ylmy esasda öwrenmekden ybaratdyr. Kanun şeýle hem ahalteke bedew atlary bilen bagly ylmy gözlegleri we barlaglary ösdürmegi, ahalteke bedew atlaryna bagyşlanan ylmy we ylmy-köpçülikleýin eserleri, makalalary neşir etmegi, terjime etmegi, ahalteke bedew atlaryna bagyşlanan spektakllaryň, kino, aýdym-saz, çeper halk döredijilik eserleriniň, wideoşekilleriň, telefilmleriň, teleradiogepleşikleriň döredilmegini üpjün etmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Kanuna laýyklykda ahalteke bedew atlary babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, atçylyk babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy (mundan beýläk — ygtyýarlandyrylan edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Her bir ahalteke bedew aty döwlet tarapyndan hasaba alynmaga degişlidir. Şunda ahalteke atynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy oňa degişli maglumatlaryň Döwlet tohumçylyk kitabyna girizilmegi arkaly amala aşyrylýar. Türkmenistanyň çäginde ahalteke atlary çiplenilmäge we olaryň gelip çykyşyny tassyklamak üçin genetiki barlaglary geçirmek arkaly olar baradaky maglumatlar sanly maglumat binýadyna girizilmäge degişlidir.

Döwlet Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini goraýar. Döwlet ahalteke bedew atlaryny ösdürip ýetişdirmegiň we seýislemegiň däp usullaryny saklaýan seýisleriň we atşynaslaryň işini goldaýar.

Kanun gol çekilen pursadyndan güýje girdi.