Turkmenportal logo
23.09.2026
2041720417
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasy tassyklanyldy

Birleşen Milletler Guramasy Baş Assambleýasynyň «Halkara hukuk ýyly, 2028-nji ýyl»  atly Kararnamasyny durmuşa geçirmek, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň bähbidine Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara – hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek we hemişelik Bitaraplygyň amaly mümkinçiliklerini açmak boýunça çäreleriň bitewi döwlet ulgamyny emele getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de harby we hukuk goraýjy edaralara milli Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.  Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.