Turkmenportal logo
22.09.2026
1025710257
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli mähirli gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Siz ýurduňyzyň raýatlarynyň arasynda ýokary abraýa mynasyp bolup, Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin yzygiderli tagalla edýärsiňiz. Size giň möçberli we köpugurly döwlet işiňizde üstünlikleriň hemişe ýaran bolmagyny, egsilmez güýç-kuwwat, maksatlaryňyza ýetmek üçin ruhubelentlik arzuw edýärin. Goý, ýurduňyzyň bähbidine alyp barýan netijeli işleriňiz Size şatlyk getirsin, Türkmenistanyň halkynyň ynamy we goldawy bolsa strategik ähmiýetli taslamalardyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde Size ygtybarly daýanç bolsun!» diýip, Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine we ýakynlaryna berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.