Turkmenportal logo
22.09.2026
1014910149
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady 

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

TDH-de habar berlişi ýaly, W.Putin gutlagynda: «Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini dowam edip, dünýä giňişligindäki abraýyny barha pugtalandyrýar. Biz Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berýäris. Biz Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň, Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki işlerimizi dowam etdireris» diýip belleýär hem-de döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw edýär.