Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa merkeziniň (MASEM) Türkmenistandaky taslama ofisi sekiz ýaş hünärmene we uçurymyna Merkezi Aziýanyň daşky gurşawy we howanyň üýtgemegini öwrenmek boýunça uniwersitetine («Green University») okuwa girmäge ýardam berdi. Olaryň dördüsi magistratura, ýene dördüsi bolsa bakalawr maksatnamalaryna kabul edildi.
18-nji sentýabrda MASEM-iň taslama ofisinde bu edaranyň direktory Mergen Kepbanow bilen geljekki talyplaryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Bellenilişi ýaly, ofis dalaşgärlere okuwa kabul edilmegiň ähli tapgyrlarynda — resminamalary taýýarlamakdan we tabşyrmakdan başlap, saýlama tapgyryndan we söhbetdeşliklerden geçmeklige çenli — ýardam berdi. Sekiz talybyň ählisi okuw üçin zerur bolan wizalary hem aldylar.
Duşuşykda Mergen Kepbanow talyplary okuwa kabul edilmekleri bilen gutlady we olara okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Ol halkara bilim gurşawynda okamagyň täze bilimleri edinmäge, häzirki zaman tejribeleri bilen tanyşmaga we hünär gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berýändigini belledi.
«Biz üçin diňe bir ekologik taslamalary durmuşa geçirmek däl-de, eýsem geljekde daşky gurşawy goramak ulgamynyň ösdürilmegine öz goşandyny goşup biljek ýaş hünärmenleri goldamak hem möhümdir. Talyplara bilim almaga ýardam bermäge mümkinçilik alandygymyza örän şatdyrys we olaryň okuw döwründe edinjek bilimleriniň hem-de tejribesiniň geljekki hünär işlerinde peýdaly boljakdygyna ynanýarys» — diýip, Mergen Kepbanow belledi.
Geljekki talyplar okuwdan garaşýan netijeleri, gyzyklanýan ugurlary we hünär meýilnamalary barada gürrüň berdiler. Ofisiň direktory olara okuw, hünär taýdan ösüş, şeýle-de uniwersitetiň we jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmak boýunça maslahatlaryny berdi.
Uniwersitetiň okuw maksatnamalary daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş we «ýaşyl» ykdysadyýet ugurlaryndaky çemeleşmeleri öwrenmäge gönükdirilendir. Talyplaryň okuwa kabul edilmegine ýardam berilmegi MASEM-iň Türkmenistandaky taslama ofisi bilen «Green University» ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň amaly netijeleriniň biri boldy.