Turkmenportal logo
Düýn 16:56
69986998
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Wena şäherinde geçirilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş maslahatynyň 70-nji mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 14–18-nji sentýabr aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş maslahatynyň 70-nji mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrligi habar berýär.

Öz çykyşynda türkmen wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň 70 ýyllyk ýubileýi bilen gutlady. Şeýle hem şu ýyl Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligine agza bolanyna 10 ýyl dolýandygyny belläp geçdi.

Türkmenistan ýadro ýaraglarynyň ýaýramazlygy, ýadro we radiasiýa howpsuzlygy, şeýle hem ýadro ylmynyň we tehnologiýalarynyň parahatçylykly maksatlar üçin ulanylmagy ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady. Saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda onkologiýa kesellerini anyklamak we bejermek boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şeýle hem Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Aşgabatdaky Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine berýän goldawy bellenildi.

Türkmenistanyň wekilleri Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň «Umydyň şöhleleri: onkologiýa kömeginiň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek» atly Ylmy forumyna hem gatnaşdylar. Forumyň dowamynda türkmen wekiliýeti ýurduň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin atom energiýasy» atly başlangyjyny hödürledi. Bu başlangyç ýadro ylmynyň we tehnologiýalarynyň parahatçylykly maksatlar üçin ulanylmagyndan peýdalanmaga bolan elýeterliligi giňeltmäge gönükdirilendir.