Turkmenportal logo
Şu gün 11:56
20452045
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet saýtlaryna bildirilýän tehniki talaplary täzeledi

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 23-nji iýulynda № 116-iş buýruk çykaryldy. Şol buýruk bilen 2021-nji ýylda tassyklanan Internet web-saýtynyň döredilmeginde we işe girizilmeginde berjaý edilmäge degişli bir bitewi tehniki talaplara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Resminama Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda 1966-njy belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Buýrukda bellenilişi ýaly, girizilen üýtgetmeler Türkmenistanyň «Hukuk namalary hakynda» we «Kiberhowpsuzlyk hakynda» kanunlaryna laýyklykda hereket edýän talaplary kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Talaplara ulanylýan düşünjeleriň kesgitlemelerini öz içine alýan täze bölüm goşuldy, şeýle hem saýtlarda täzelenýän maglumatlary awtomatiki ýaýratmak üçin ýörite hyzmatyň göz öňünde tutulmagy baradaky täze düzgün girizildi.

Saýtlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplaryň sanawy giňeldildi: indi serwer programma üpjünçiligini we ulanylýan kitaphanalary öz wagtynda täzelemek, howpsuzlyk täzelenmelerini yzygiderli ulanmak, serweriň ulanylmaýan portlaryny ýapmak, gulluk konfigurasiýa faýllaryna elýeterliligi çäklendirmek, tor trafigini süzmek serişdelerini we giňden ýaýran kiberhüjümleriň goşmaça gorag serişdelerini ulanmak, maglumatlary geçirmegiň könelişen protokollaryndan ýüz öwürmek, goragly maglumat geçiriş protokolynyň häzirki zaman görnüşlerini ulanmak, goşmaça howpsuzlyk sözbaşylaryny sazlamak, şeýle hem ulanylýan serwer programma üpjünçiliginiň wersiýasy baradaky maglumatlary gizlemek talap edilýär.

Saýtlardaky maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgasyny döretmek boýunça talaplar hem anyklaşdyryldy: indi ätiýaçlyk nusgalar bellenilen standartlara laýyklykda döredilmeli we şifrlenen görnüşde, elýeterliligi çäklendirilen şertlerde saklanmaly. Şeýle hem goragly birikmäniň şahadatnamalarynyň ygtybarly edara-kärhanalardan alynmagy baradaky talap anyklaşdyryldy.

Talaplara täze düzgün hökmünde saýtlaryň administratiw bölümlerini goramak boýunça aýratyn bölüm goşuldy. Onda ulgama girmegiň ähli synanyşyklaryny we administratiw hereketleri bellige almak, dolandyryş paneline girilende iki tapgyrly barlagdan peýdalanmak, birnäçe gezek şowsuz giriş synanyşygyndan soň wagtlaýyn blokirlemek, uzak aralykdan goragly birikme usulyny ulanmak, tor salgysy we ýerleşýän ýeri boýunça elýeterliligi çäklendirmek, şeýle hem dolandyryş paneline giriş sahypasynyň standart salgysyny üýtgetmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, saýtlarda ulanyjylaryň ygtyýarlylygyny barlamagyň barşynda wagtlaýyn giriş açarlarynyň ulanylmagyna bildirilýän jikme-jik talaplar bellenildi. Hususan-da, olaryň hereket edýän möhleti, täzeleniş tertibi, saklanylyşy, ulgamdan çykylanda ýa-da howpsuzlyk hadysalary ýüze çykan ýagdaýynda ýatyrylmagy, şeýle hem şeýle açarlar bilen amala aşyrylýan amallaryň ýörite hasaba alyş kitapçasynyň ýöredilmegi boýunça talaplar kesgitlenildi.

Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ý. Gulmämmedowyň we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň başlygynyň üstüne ýüklenildi.

Üýtgetmeleriň doly teksti Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilendir.