Turkmenportal logo
Düýn 19:39
77097709
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan «Secure ID 2026» atly halkara foruma gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri 15-16-njy sentýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen «Secure ID 2026» atly halkara foruma gatnaşdylar.

Biometriýa, elektron resminamalar we serhet gözegçiligi ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy çäreleriniň biri bolan bu halkara maslahata birnäçe daşary ýurt döwletleriň we sebit guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň habar bermegine görä, maslahatyň meýilnamasyna sanly şahsyýetnamalary we elektron pasportlary ornaşdyrmak, serhet gözegçilik we elektron wiza ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, biometrik howpsuzlyk, emeli aň ulgamyny ulanmak hem-de kiberhowpsuzlygy üpjün etmek ýaly möhüm meseleler girizildi. Maslahatyň barşynda migrasiýa ulgamynda ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem forumyň çäklerinde halkara sergi guralyp, onda şahsyýeti anyklamagyň we serhet howpsuzlygyny üpjün etmegiň iň täze tehniki enjamlar we halkara tejribesi bilen tanyşdyryldy.