Şu gün Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirilýär. Bu barada düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda bellenildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, Türkmenistan ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ähmiýet berýär. Iki ýurtda hem sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni çäreleri geçirmegiň uly tejribesi toplandy. Özara Medeniýet günleri üstünlikli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti 16-njy sentýabrda Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, ýurduň giň gerimli medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini mälim etdi.