Turkmenportal logo
Şu gün 10:19
62476247
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisindäki çykyşy

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti türkmen telekeçileriniň öndüren önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergide ýurduň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, dürli görnüşli senagat harytlary görkezilýär.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutany Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Maslahatyň ýokary derejeli mejlisi açyk diýlip yglan edilenden soňra, çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi.

«Hormatly Koreýa Respublikasynyň işewürler toparlarynyň wekilleri!

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, şeýle abraýly we hormatly diňleýjileriň öňünde çykyş etmäge çakylyk üçin guramaçylara minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Häzirki döwürde biz öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekil-leri bilen Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly taslamalaryny ara alyp maslahatlaşýarys.

Biziň ýurtlarymyzy uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän hoşniýetli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Bu gatnaşyklarda ykdysady hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýele-ýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda koreý kompaniýalary ýurdumyzda işlemegiň uly tejribesini topladylar. Şunuň bilen baglylykda, «LX International Corp.» we «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýalarynyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käni boýunça tebigy gazy kükürtden arassalaýjy zawodyň, Gy-ýanlydaky polimer zawodynyň gurluşyklaryny görkezmek bolar. Şeýle hem «SK Networks» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde ýol hereketiniň howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamak we konsultatiw hyzmat etmek işleri durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulaglarynyň esasy bölegini Koreýada ön-dürilen awtobuslar hem-de ýeňil awtoulaglar düzýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanda «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.», «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.», «Korea Meditech Co., Ltd.» we beýleki koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi amala aşyrylýar. Geljekki taslamalar boýunça gepleşikler alnyp barylýar. Eýýäm ýakyn geljekde olary durmuşa geçirmäge badalga ber-ler.

Häzirki wagtda Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umu-my bahasy 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 17 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Bu bolsa koreý işewürliginiň Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygynyň we biziň gatnaşyklarymyzyň uly mümkin-çilikleriniň bardygynyň aýdyň güwäsidir.

Gadyrly dostlar!

Biz Koreýa Respublikasyna diňe bir möhüm tehnologik we maýa goýum hyzmat-daşy däl-de, eýsem, senagaty döwrebaplaşdyrmakda, sanlylaşdyrmakda we ýoka-ry tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmekde öňdebaryjy tejribä eýe bolan döwlet hökmünde garaýarys. Türkmenistan hem, öz nobatynda, ägirt uly tebigy serişde-lere, durnukly energetika binýadyna, amatly geografik ýerleşişe, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Biz nebitgaz, himiýa, energetika, ulag ýaly pudaklara koreý tehnologiýalaryny, maýa goýumla-ryny we dolandyryş tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýäris.

Ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek geljegi uly ugur bolup durýar. Türkmenistan Merkezi Aziýany Hazar sebiti hem-de halkara ulag geçelgeleriniň beýleki ugurlary bilen birleşdirýän Ýewraziýa yklymynyň möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde öz ornuny berkitmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Biz koreý kompaniýalarynyň degişli üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna gatnaşmagyna seretmäge taýýar.

Biz himiýa senagaty babatda hyzmatdaşlyga-da uly ähmiýet berýäris. Koreý kompaniýalarynyň iri önümçilik taslamalaryny amala aşyrmakda baý tejribesi bar. Munuň özi mineral dökünleri, nebithimiýa önümlerini we beýleki senagat önümleriniň görnüşlerini öndürmäge niýetlenen täze başlangyçlar üçin gowy şert-leri döredýär.

Lukmançylyk, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini-de aýratyn bellemek isleýärin. Häzirki döwürde koreý kompaniýalary Arkadag şäherinde häzirki zaman lukmançylyk klasterini döretmäge gatnaşýarlar. Biz muňa öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalaryny mundan beýläk-de ornaşdyrmak, hünär-menleri taýýarlamak üçin geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde garaýarys.

Hanymlar we jenaplar!

Ýurdumyzda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýanyň işewürler jemgyýetçiligine ähli zerur şertleri döretmäge we olara hemmetarapla-ýyn goldaw bermäge taýýardyrys. Şu günki duşuşygymyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky işewürlik hyzmatdaşlygyny berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna hem-de iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýän täze, anyk taslamalary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn».

Soňra Türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşyjy wekilleriň çykyşlary diňlenildi. Şeýle hem maslahatyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şeýlelikde, şu gezekki çäre ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge täze itergi berdi.