Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji sentýabrda döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň milli gahrymanlarynyň ýadygärligine bardy hem-de bu ýere gül desselerini goýup, milli gahrymanlary hatyralady. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti koreý halkynyň däp-dessurlaryna hormatyň nyşany hökmünde agaç bölejiklerini içi közli ýörite gutynyň içine atdy. Koreýanyň milli gahrymanlaryny hatyralamak dabarasy tamamlanandan soňra döwlet Baştutany Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy ýazdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Çhonwade köşgine bardy. Çhonwade köşgünde Türkmenistanyň Prezidentini Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon mähirli garşylady. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Dabara tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Häzirki wagtda Koreýa Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Gepleşikleriň dowamynda syýasy, ykdysady, ulag-logistika, maýa goýum, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.