Russiýanyň we Türkmenistanyň Gahrymany, uçarman-kosmonawt Oleg Konenko «Soýuzmultfilm» studiýasynyň «Prostokwaşino» atly multserialynyň täze bölüminde peýda boldy diýip, «news.mail.ru» habar berýär.
Täze bölümiň ýordumyna görä, Şarik atly it kosmonawt Oleg Konenko bilen teleýaýlymda guralan söhbetdeşlige tomaşa edýär. Ol täze kosmonawtlar toparyna gatnaşyjylaryň çagyrylýandygyny eşidip, öýüniň üçeginde Halkara kosmos bekedini gurýar.
«Men ol ýerde öz keşbimi oýnaýaryn, şonuň üçin bu maňa täsin tejribe boldy. Bu «Roskosmosyň» hünärmenleriniň «Soýuzmultfilm» bilen oňat hyzmatdaşlygy boldy diýip pikir edýärin. Şarige äleme nämüçin we nädip uçmalydygyny ýönekeý dilde düşündirýärin. Bu maňa diýseň ýarady, sebäbi çagakam, ýaş ýigitkämem, bu multfilme tomaşa edipdim» diýip, Oleg Kononenko gürrüň berdi.