Turkmenportal logo
11.09.2026
1064610646
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda milli ykdysadyýetiň ösüşlerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär

Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda «Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir atly» ylmy-amaly maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu maslahatda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady özgertmeleri, milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşi, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň geljekki ugurlary, döwlet dolandyryşynda we ykdysadyýetiň pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçilikleri, şeýle hem elektron hökümet, emeli aň, maliýe tehnologiýalary, sanly hyzmatlar, önümçilik işleriniň kämilleşdirilmegi, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we halkara tejribäni öwrenmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň ykdysady ösüşlerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.