Turkmenportal logo
11.09.2026
1464414644
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirilýär

Şu gün Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirilýär. Oňa GDA-nyň Baş sekretary S.N. Lebedew, GDA-a gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary hem-de wekiliýet agzalary gatnaşýarlar.

Mejlisш GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hoşmyrat Geldimyradow alyp barýar.

Mejlisiň gün tertibine Arkalaşyga agza döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy girizildi. Hususan-da, 2023–2026-njy ýyllarda Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwletara geňeşiň alyp baran işlerine garalar.

Mundan başga-da, senagatyň ýokary tehnologiýaly pudaklary üçin geljegi uly materiallary öndürmek babatda GDA-a gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň taslamasy, şeýle hem ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça jemleýji resminamalaryň gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.