Turkmenportal logo
11.09.2026
1070210702
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tramp Kongrese saýlawlarda respublikaçylar ýeňse, 5 müň dollardan paýlajakdygyny söz berdi
Surat: Surat: news.by

Amerikanyň lideri Donald Tramp eger respublikaçylar aralyk saýlawlarda palatalaryň ikisine hem gözegçiligi almagy başarsalar, ýurduň kämillik ýaşyna ýeten raýatlarynyň her birine 5 müň dollar bermegi söz berdi. Bu barada  «news.by» ýazýar.

«Men şuny söz berýärin: eger respublikaçylar ABŞ-nyň Senatynda Wekiller palatasynda ýeňseler, biziň ykdysady üstünliklerimiziň hasabyna ýurdumyzyň her bir kamillik ýaşyndaky ýaşaýjysyna 5 müň dollar girdeji paý bölüp bererin» diýip, Tramp ýurdy dolandyryjy Respublikaçylar partiýasynyň Dallasda geçen milli gurultaýynda aýtdy. Gurultaý ABŞ-nyň Kongresine noýabrda geçjek aralyk saýlawlaryna bagyşlandy.

Kongrese aralyk saýlawlar 3-nji noýabrda geçer, olarda Kongresiň Senatynyň 100 agzasynyň 33-si we Wekiller palatasynyň ähli 435 agzasy saýlanar. Respublikaçylar häzir kanunçykaryjy edaranyň iki palatasyna hem gözegçilik edýärler.