Turkmenportal logo
10.09.2026
1388213882
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonje Magtymguly adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna baryp, ýokary okuw mekdebiniň prorektory Baýmyrat Gutlymyradow, aýdymçy Begenc Gaýypow we konserwatoriýanyň beýleki wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda medeni alyş-çalyşy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Koreýanyň diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, türkmen aýdymçysy Begenç Gaýypow awgust aýynda «Ariran Beýik Ýüpek ýoly bilen duşuşýar» atly konsertde Türkmenistanyň wekili hökmünde çykyş etdi.

Bu çäre Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň ýanyndaky Aziýanyň milli medeni merkeziniň (ACC) guramagynda Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda geçirilen ilkinji sammitiň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli geçirildi. Konsertiň dowamynda Begenç Gaýypow «Millýan Ariran» koreý halk aýdymy ýerine ýetirdi.