Minsk şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýramçylyk dabaralary bilen bellemek meselesine bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Igor Petrişenko, Belarus Respublikasynda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, şeýle hem jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Brifingde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralary ýanyndaky Hemişelik doly ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew çykyş etdi.
Ol häzirki şanly ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýändigini belläp, bu şygaryň ýurduň 35 ýylyň dowamynda syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni we ynsanperwer ulgamlarda gazanan üstünliklerini şöhlelendirýändigini aýtdy.

Diplomatyň sözlerine görä, Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny kemala getirdi. Häzirki wagtda ýurdumyz 161 döwlet we 55 halkara hem-de sebitara gurama bilen gatnaşyklary ösdürip, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga öz goşandyny goşýar.
Şagulyýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek — 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda ykrar edilendigini belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň «dünýä gurluşynyň täze, ynsanperwer we öňdengörüjilikli esaslaryny» kemala getirýändigi baradaky sözlerini ýatlatdy.
Ilçi türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen «akylly» şäher Arkadagyň ösüşine aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda şäheriň 2024–2052-nji ýyllar üçin ösüş konsepsiýasyna laýyklykda, sanly standartlar esasynda 220-den gowrak desgany öz içine alýan ikinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda durmuşa geçirilen iri infrastruktura taslamalarynyň hatarynda diplomat Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Aşgabat Halkara howa menziliniň, Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýolunyň, Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny, şeýle hem «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk hemrasynyň uçurylmagyny görkezdi. Ol Hytaýa we Eýrana çekilen täze gaz geçirijilerini, şeýle hem Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdirilýändigini belledi. Mundan başga-da, tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly goşulan gymmaty ýokary bolan önümleri öndürmegiň möçberleriniň artýandygyny aýtdy.
Şagulyýew 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilendigini we onda Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görmek bilen bagly guramaçylyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny ýatlatdy. Diplomatyň aýtmagyna görä, şol mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde çagyrmak hakynda karar kabul edildi. Şeýle hem guramaçylyk komitetiniň düzümi tassyklanyldy we sebitlerdäki degişli düzümlere 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli wekilleriň sanawlaryny hödürlemek tabşyryldy.