Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýanyň Aşgabatda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grand bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada DIM-niň resmmi saýty habar berýär.
R.Meredow diplomaty bu wezipä bellenmegi bilen gutlady we işinde üstünlikleri arzuw etdi. Grand 2023-nji ýyldan bäri Fransiýanyň Türkmenistandaky diplomatik ornuna ýolbaşçylyk eden Filipp Merleniň ornuny tutdy.
Gürrüňdeşligiň barşynda taraplar türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.
Türkmenistan we Fransiýa iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin bilelikdäki tagallalary pugtalandyrmaga taýýardyklaryny bildirdiler.