Turkmenportal logo
09.09.2026
1360413604
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň paýtagtynda «Nusgawy saz sungatynyň beýik sahypalary» atly konsert geçiriler

22-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň täze saz möwsüminiň açylyşyna bagyşlanan «Nusgawy saz sungatynyň beýik sahypalary» atly konsert geçiriler.

Konsert Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriler we ol sagat 19:00-da başlanar.

Sazly agşamda dürli eýýamlaryň meşhur kompozitorlarynyň eserleri Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar. Orkestriň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Rasul Gylyjow konserte dirižýorlyk eder. Konsertiň solisti — pianinoçy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow.

Konsertiň maksatnamasyna dünýäniň nusgawy saz sungatynyň meşhur eserleri girizildi. Olaryň hatarynda Robert Şumanyň fortepiano we orkestr üçin konserti, P. I. Çaýkowskiniň «Ak guw köli» baletiniň jemleýji sahnasy, W. A. Mosartyň «Figaronyň toýy» operasyna ýazylan uwertýurasy, B. Smetananyň «Meniň watanym» atly simfoniki poemalar toplumy, şeýle hem argentinaly kompozitor Arturo Markesiň «Danzón № 2» eseri bar.

Bu sazly agşam täze konsert möwsüminiň täsirli başlangyjyna öwrüler hem-de tomaşaçylara dünýä saz mirasynyň ajaýyp nusgalary bilen ýurduň öňdebaryjy simfoniki toparynyň ýerine ýetirmeginde ýene-de duşuşmaga mümkinçilik berer.

Biletleri satyn almak bilen bagly soraglar boýunça şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 724512; 51 41 57; (+993 63) 46 71 77; (+993 64) 03 74 56; 266917.