Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk strategik hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtadylar.
Söhbetdeşligiň çäklerinde syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem halkara we sebit meýdançalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem taraplar döwletara dialogy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilen öňde duran bilelikdäki çäreleri guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.