Turkmenportal logo
09.09.2026
1086310863
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tahyr Ataýewiň orkestri Aşgabatda täze «MARVEL vs DC» simfoniki konsertini hödürlär

Tahyr Ataýewiň orkestri kino gahrymanlary baradaky meşhur filmlerden alnan sazlara bagyşlanan täze konsert maksatnamasyny — «MARVEL vs DC» atly simfoniki konsertini hödürlär.

Konsert 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriler. Konsert sagat 19:00-da başlanar.

Guramaçylaryň bellemeklerine görä, «MARVEL vs DC» konsertinde kino gahrymanlary baradaky filmlerden tomaşaçylara tanyş bolan saz temalary orkestriň simfoniki ýerine ýetirmeginde bir sahnada jemlener. Maksatnama awtorlaryň pikirine görä, tomaşaçylary gahrymanlaryň, ägirt uly söweşleriň we uly ekran wakalarynyň gurşawyna alyp gitjek wizual bezegler bilen baýlaşdyrylar.

Konsertiň maksatnamasyna «Möý-adam», «Betmen», «Tor», «Gudratly zenan», «Ar alyjylar» we «Marvel» hem-de «DC» kinostudiýalary tarapyndan beýleki kino gahrymanlary baradaky filmlerden saz temalary girizildi.

Tahyr Ataýewiň orkestri 2018-nji ýyldan bäri öz döredijiligi bilen tomaşaçylary begendirip gelýär. Topar nusgawy sazlardan we rok sazlardan başlap, kinofilmleriň hem-de wideo oýunlarynyň saundtreklerine çenli dürli meşhur sazlaryň orkestr üçin taýýarlanan mukamlaryny öz içine alýan tematik konsert-taryhlary bilen giňden tanalýar. 2026-njy ýylyň oktýabrynda topar döredijilik ýolunyň sekiz ýyllygyny bellär.

«MARVEL vs DC» konsertiniň biletleri we goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bolýar: 55-90-15, +993 62 53 28 71.