Turkmenportal logo
08.09.2026
1454114541
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sankt-Peterburg Türkmenistana lukmançylyk we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy hödürledi

Sankt-Peterburg Türkmenistana lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi, şeýle hem medeni çäreleri hem-de teatr toparlarynyň döredijilik saparlaryny guramagy hödürledi diýip, şäheriň wise-gubernatory Wladimir Omelniskiý žurnalistlere gürrüň berdi.

«Tejiribe alyşmak üçin emeli aňy ulanmak arkaly teleköprüleri geçirmek mümkinçiligi hödürlendi. Sebäbi Türkmenistanyň we Sankt-Peterburg şäheriniň lukmançylyk edaralarynda ýokary derejeli hünärmenler bar» diýip, ol peterburgly lukmanlaryň saglygy saklamak boýunça uly tejribe toplandygyny we ony paýlaşmaga taýýardyklaryny sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle hem Omelniskiý taraplaryň medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdi. Hususan-da, Sankt-Peterburg teatr toparlarynyň gatnaşmagyndaky çäreleri guramagy we Aşgabada öz muzeýlerindäki eksponatlary hödürlemegi teklip etdi.

«Medeni paýtagt bolan Sankt-Peterburg şäheri bizde bar bolan ähli zatlary paýlaşmaga taýýar... Men muzeýler, Aşgabadyň zallarynda ýaýbaňlandyrmaga taýýar bolan ekspozisiýalarmyz barada aýdýaryn» diýip, wise-gubernator belledi.

Ol peterburg tarapynyň öňe süren ähli teklipleriň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi we Türkmenistanyň Hökümetine olara uly üns berendigi üçin sagbolsun aýtdy.

Omelniskiý Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň tabşyrygy boýunça iş sapary bilen Türkmenistanda bolýar. Saparyň çäklerinde ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar serişdeleri boýunça orunbasary Bahar Seýidowa bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.