Aşgabatda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň «Nebit-gaz» gazetiniň ilkinji sanynyň çapdan çykanyna 15 ýyl dolmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu barada gazetiň saýtynda habar berilýär.
Çärä ýygnananlaryň öňünde «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory, žurnalistler, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň wekilleri çykyş etdiler.
Dabaranyň çäklerinde gazetiň döredilen gününden bäri onda zähmet çeken žurnalistleriň, welaýatlarda işleýän habarçylarynyň, şeýle hem fotohabarçylaryň neşiriň ösüşine goşan goşantlaryna aýratyn üns berildi.
Çykyş edenler neşiri mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek we işgärler üçin amatly zähmet şertlerini döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berdiler.
Gazetiň ozalky habarçylary Swetlana Goržiniň, Hojaberdi Baýramowyň we Mämmetgylyç Kütiýewiň adyna mähirli ýatlama sözleri aýdyldy. Olar ýadawsyz döredijilik işleri bilen neşiriň taryhynda we okyjylaryň kalbynda öçmejek yz galdyrdylar.
Çäräniň ahyrynda «Nebit-gaz» gazetiniň ähli işgärlerine gymmat bahaly we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy — diýip, çeşmede habar berilýär.