Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň wekilleri, şeýle hem dünýäniň 20-den gowrak döwletinden atçylyk pudagynda zähmet çekýän alymlar we bilermenler gatnaşdylar. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, halkymyzyň geçmiş taryhynyň we häzirki durmuşynyň aýrylmaz bölegini emele getirýän «behişdi» bedewler türkmen sungatynda owadanlygyň, kämilligiň, wepalylygyň nusgasy hökmünde wasp edilýär. Asyrlara uzaýan taryhy bolan türkmen milli atşynaslyk mekdebi häzirki döwürde dünýäniň medeni mirasynyň genji-hazynasynyň gymmatlygy hökmünde ykrar edildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenleriň arasynda Italiýa Respublikasynyň «Proeventi» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Antonio Jariola, Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger, Fransiýanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň hünärmeni Aleksandr Gro, Halkara atçylyk sporty federasiýasynyň wekili Žan-Filipp Kambuliwi, Fransiýanyň Milli ylmy barlaglar merkeziniň we Milli tebigat we taryh muzeýiniň uly ylmy işgäri Hulio Bendezu-Sarmiýento, şeýle hem ABŞ-nyň Ahalteke bedewleriniň gaznasynyň ýolbaşçysy Patrisiýa Jonson dagy çykyş etdi.
Umumy mejlis tamamlanandan soň, halkara ylmy-amaly maslahatyň işi aýry-aýry bölümlerde dowam etdirildi. Olaryň işine dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlar we hünärmenler hem sanly görnüşde gatnaşdylar.